1500 orunlyk stadion

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda 1500 orunlyk döwrebap köpugurly stadionyň gurluşygy üstünlikli tamamlandy. Bu täze desga sebitde sport ulgamynyň ösdürilmegine uly goşant bolup, dürli sport we medeni çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Stadion häzirki zaman rahatlyk we howpsuzlyk ülňülerine laýyklykda, iň täze arhitektura çözgütleri bilen taslanyp, tomaşaçylara oýun meýdançasynyň islendik ýerinden oňaýly görnüşde syn etmek üçin ähli şertleri üpjün edýär. Oturgyçlaryň ýerleşişinden başlap, giňişlikleriň amatlylygy, ýollaryň ýöriteleşdirilmegi ähli ýaşdaky we fiziki mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin elýeterli bolmagyna aýratyn üns berilen.

Halkara talaplaryna laýyk gelýän stadionyň düzüminde ýerleşýän futbol meýdançasy ýokary hilli örtük bilen üpjün edilip, dürli derejedäki sport ýaryşlarynyň geçirilmegi üçin niýetlenendir. Şeýle-de ýeňil atletika bilen meşgullanmaga niýetlenen ylgaw ýodalary we türgenleşik meýdançalary sportuň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine giň ýol açýar.