1500 orunlyk stadion

Mary welaýatynyň Ýolöten şäherinde gurlan 1500 orunlyk täze stadionyň ulanylmaga berilmegi sebitde sport infrastrukturasynyň ösdürilişinde möhüm waka boldy. Köpugurly bu döwrebap desga diňe bir sport ýaryşlarynyň däl, eýsem dürli medeni çäreleriň hem ýokary derejede geçirilmegine giň mümkinçilikleri döredýär.

Stadion häzirki zaman arhitektura talaplaryna laýyklykda, rahatlyk hem-de howpsuzlyk nukdaýnazaryndan kämil derejede taslanyp, her bir tomaşaçynyň oýun meýdançasyny doly gözüniň öňünde görüp bilmegini üpjün edýär. Oturgyçlaryň ýerleşişi, giňişlikleriň düzülişi we tehniki üpjünçilik ähli ýaşdaky we fiziki mümkinçilikli adamlar üçin amatlylygy göz öňünde tutýar.

Stadion häzirki zaman yşyklandyryş ulgamy, ýokary hilli ses enjamlary we giň gerimli wideo gözegçilik ulgamy bilen doly enjamlaşdyrylandyr. Bu bolsa gündizem, agşamam dürli görnüşli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine mümkinçilik berýär.

Sport toplumy öz içine ýokary hilli örtük bilen üpjün edilen futbol meýdançasyny, ýeňil atletika üçin niýetlenen ylgaw ýodalaryny hem-de türgenleşik meýdançalaryny alýar. Bu desgalar halkara derejesindäki sport ülňülerine doly laýyk gelýär we häzirki zaman sport tälimleriniň ýokary hilli geçirilmegi üçin ähli şertleri döredýär.