365 orunlyk sport mekdep

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda döwrebap talaplara doly laýyk gelýän, 365 okuwça niýetlenen sport mekdebi gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Bu täze bilim we sport desgasy çagalaryň hem-de ýetginjekleriň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerini özleşdirmegi üçin ähli şertler döredilen.

Sport mekdebiniň binasy häzirki zaman arhitektura çözgütlerine esaslanyp, ulanylyş taýdan ýokary derejede amatly, howpsuz hem-de energiýa tygşytlaýjy ýörelgeler esasynda gurlan. Mekdebiň giň, ýagty we arassa synp otaglary, döwrebap enjamlaşdyrylan sport zallary, oňaýly geýim çalşyş otaglary hem-de ähli arassaçylyk talaplaryna laýyk gelýän desgalar okuwçylaryň we tälimçileriň ähli zerurlyklaryny kanagatlandyrýar.

Mekdebiň düzüminde ýerleşýän köpugurly sport zaly basketbol, woleýbol, mini-futbol ýaly toparlaýyn sportlar üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle hem ýöriteleşdirilen göreş, gimnastika, stol tennisi we fitnes otaglary häzirki zaman halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli enjamlar bilen üpjün edilip, dürli sport ugrundan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we ösdürmäge giň ýol açýar.

Desgada howpsuzlyk meselesine aýratyn ähmiýet berlip, ýokary derejeli howa çalşygy, ýangyna garşy gorag ulgamy, wideo gözegçilik we beýleki tehniki üpjünçilik serişdeleri ornaşdyrylandyr. Mundan başga-da, mekdebiň çäginde duş we arassaçylyk otaglary döredilendir.

Mekdebiň daş-töwereginde açyk sport meýdançalary döredilip, olaryň ýüzüniň ýörite poroşok örtük bilen üpjün edilmegi türgenleriň rahat we howpsuz tälim geçmegine mümkinçilik berýär. Uly göwrümli yşyklandyryş ulgamy bolsa agşamlyk türgenleşikleriň hem dowam etdirilmegine şert döredýär.

Sakarçäge etrabynda 365 orunlyk döwrebap sport mekdebiniň açylmagy etrap ýaşaýjylary üçin örän ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Bu beýik başlangyç, ýurdumyzda bilim we sport ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu mekdebiniň işe girizilmegi ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi, olaryň zehinleriniň ýüze çykarylmagy hem-de sporta bolan höwesiň artmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär.