Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda «Ýaş Syýahat» hojalyk jemgyýeti tarapyndan durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän myhmanhana toplumynyň gurluşyk taslamasy — Türkmenistanyň geografik taýdan möhüm ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşmegi, şeýle hem içerki we halkara derejedäki üstaşyr ulag gatnawlarynyň ösmegi bilen ýokary hilli hyzmat infrastrukturasyna bolan islegiň artmagy ýaly möhüm faktorlara esaslanýan, geljegi uly maýa goýum mümkinçilikleriniň biridir. Bu taslama diňe bir döwrebap syýahatçylyk hyzmatlaryny döretmek bilen çäklenmän, eýsem sebitleýin hem-de halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli başlangyç hökmünde hem çykyş edýär. Şol bir wagtda, bu taslama Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän ulag geçelgelerini we söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy maksat edinýän «Bir guşak, bir ýol» atly halkara inisiatiwanyň strategik ugurlary bilen hem doly sazlaşyklydyr.Umu man aýdanyňda, myhmanhana toplumynyň gurluşygy ýurdumyzda döwrebap we ýokary hilli hyzmatlaryň ösdürilmegine, syýahatçylyk we işewürlik infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň halkara logistika ulgamyndaky ornunyň berkemegine mynasyp goşant bolar