Un öndürýän döwrebap toplumyň gurluşygy

Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän bu taslama, häzirki zaman tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, oba hojalyk önümlerini ýokary hilli we netijeli ýagdaýda gaýtadan işläp biljek doly mümkinçilikli önümçilik toplumyny döretmäge gönükdirilendir. Taslamanyň çäklerinde guruljak döwrebap toplum däne serişdelerini kabul etmek, arassalamak, guratmak, gaýtadan işlemek we saklamak ýaly ähli ugurlary öz içine alýan degirmenden hem-de degişli kuwwatly elewatordan ybarat bolar.