Şu ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ençeme iri taslamalar durmuşa geçirilip, üstünlikli ulanylmaga berildi. Bu beýik özgertmeleriň arasynda ýaşaýyş jaý gurluşygyna degişli bolanlary aýratyn orun eýeleýär. Olar döwletimiziň göni maýa goýumlarynyň hasabyna amala aşyrylyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna hyzmat edýär.
Bu ugurda uly tejribe toplap, üstünlikli işleýän gurluşyk kompaniýasynyň hünärmenleri paýtagtymyzda, beýleki şäherlerde we oba ýerlerinde köp öýli ýaşaýyş jaýlaryny, döwrebap kottej toplumlaryny gurýarlar.