2025-nji ýylyň 3-4-nji noýabry aralygynda Milli syýahatçylyk zolagy «Awazada» «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahaty we sergisi (CIET-2025) geçirildi.
Bu çärede çykyş edenleriň arasynda ýurdumyzyň iň iri gurluşyk kärhanasy «Ojar Aziýa» hem özüniň ýörelgesine laýyklykda işjeň gatnaşdy. Kärhananyň döwrebap äheňde hem-de milli öwüşginler bilen bezelen sergi pawilýony gurluşyk pudagynyň we oňa degişli ugurlaryň öňdebaryjy halkara kompaniýalarynyň wekilleriniň hem-de myhmanlaryň ünsüni dessine özüne çekdi.
Kärhana öz pawilýonlarynda geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini — gurlan desgalary, alnyp barylýan hem-de geljegi uly iri taslamalary tanyşdyrdy. Şolaryň arasynda möhüm taslamalaryň biri — sebitleri tiz ugur bilen baglanyşdyrmaga we ýurduň ulag-logistika düzümini pugtalandyrmaga niýetlenen Serahs–Mary–Serhetabat awtomagistraly bolup durýar.
CIET-2025 sergisine gatnaşmak «Ojar Aziýa» kärhanasyna diňe öz mümkinçiliklerini görkezmäge däl-de, eýsem täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga, halkara hyzmatdaşlarynyň ünsüni çekmäge we Türkmenistanyň maýa goýum taýdan özüne çekijiligini artdyrmaga mümkinçilik berdi.