«Ojar Aziýa» HK-sy — Türkmenistanyň gurluşyk bazarynda öňdebaryjy orun eýeleýän, ynamly ösüş ýoluny tutan we ýokary abraýa eýe bolan gurluşyk kärhanalarynyň biridir. 2008-nji ýyldan bäri ýurdumyzda dürli maksatly binalary hem-de inženerçilik desgalaryny gurmakda uly tejribe toplan bu kärhana häzirki zaman binagärlik we gurluşyk senagatynyň talaplaryna laýyklykda ýokary hilli hyzmatlary hödürleýär. Kärhananyň aýratyn nyşany — gurluşyk işleriniň ýokary depginde we durnukly hil derejesinde ýerine ýetirilmegidir. «Ojar Aziýa» ýurdumyzyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda iş alyp barýar hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine we innowasion çözgütlerine esaslanýan täzeçil çemeleşmeleri netijeli ornaşdyrýar. Kärhananyň esasy ýörelgeleri — hil, innowasiýa we durnukly ösüş bolup, bu ýörelgeler onuň her bir taslamasynda aýdyň ýüze çykýar. «Ojar Aziýa» diňe bir desgalar gurmak bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzyň ykdysady ösüşine we jemgyýetiň abadançylygyna mynasyp goşant goşmagy öz öňünde baş maksat edinýär.
Türkmen maslahatçylar topary - ýokary derejede işewürlik çärelerini gurnaýan dinamiki ösýän maslahat beriş kompaniýasydyr. Hünärmenler toparymyz çäreleri geçirmegiň ähli guramaçylyk we tehniki taraplaryny öz üstüne alýar. Her bir müşderä aýratyn çemeleşmegi we hyzmatyň ýokary derejesini üpjün edýäris. Dünýäniň öňdebaryjy halkara guramalary, uly kompaniýalar we maýa goýujylar bilen hyzmatdaşlyk edýäris, bu hem täsirli we ýatdan çykmajak çäreleri gurmaga mümkinçilik döredýär. Biz işewürlik taslamalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýäris we içerki we sebit bazarlaryna çykmagy üpjün edýäris.
«Amatly Çozgut» — 2020-nji ýylda esaslandyrylan, ýurdumyzyň tehnologik ulgamynda öňdebaryjy orny eýeleýän türkmen kompaniýasydyr. Döredilen gününden bäri üýtgäp duran bazar şertlerinde üstünlikli iş alyp barýan bu kärhana maglumat tehnologiýalary ulgamynda giň gerimli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. «Amatly Çozgut» IT strategiýasynyň düzülmeginden başlap, çözgütleriň arhitekturasy, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy we häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleriniň ornaşdyrylmagy ýaly toplumlaýyn taslamalary üstünlikli amala aşyrýar. Kompaniýanyň esasy artykmaçlyklarynyň biri hökmünde onuň ýokary netijelilik derejesi aýratyn bellenilýär. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýanyň işiniň möhüm ugurlarynyň biri hem kiberhowpsuzlyk bolup durýar.
2013-nji ýylyň 13-nji noýabrynda esaslandyrylan “Yash Syýahat” hojalyk jemgyýeti geçen ýyllaryň dowamynda öz döredijilikli we ynamly ädimleri bilen ýurdumyzdaky abraýly hem-de öňdebaryjy kompaniýalaryň hatarynda özüniň mynasyp ornuny tapdy. Şeýle abraýy gazanmagynda onuň dürli ugurlarda alyp barýan giň gerimli işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Kärhananyň esasy iş ugurlarynyň hatarynda gurluşyk we gurluşyk materiallarynyň önümçiligi, syýahatçylyk hyzmatlarynyň hödürlenmegi, un hem-de konditer önümleriniň önümçiligi degişlidir. Bu ugurlarda “Yash Syýahat” HJ-i diňe bir ýerine ýetirýän işleriniň hili bilen däl, eýsem, oňa bolan jogapkärli çemeleşmesi bilen-de tapawutlanýar.
"Yash Syýahat" tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilen taslamalaryň hatarynda Mary şäherindäki ýeňil awtoulaglara hyzmat ediş merkezi, ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýjylaryna hyzmat bermek üçin ofis we durmuş maksatly binalar, şeýle hem il arasynda meşhurlyga eýe bolan "Melhem" kafesi bar.
«THT» Hojalyk jemgyýeti — bu çylşyrymly hukuk meselelerini düşnükli we netijeli çözgütlere öwürmegi başarýan hünärmenleriň toparydyr. Kärhana müşderileriň ýüze çykýan soraglaryna hukuk taýdan takyk we ynamly jogap bermek bilen bir hatarda, çylşyrymly kadalaşdyryjy hukuk namalaryny düşnükli görnüşde beýan etmekde hem öňdebaryjy tejribä eýedir. «THT» tarapyndan hödürlenýän hyzmatlar hukuk maslahatlaryny we seljerme işlerini geçirmegi, dürli görnüşli resminamalary taýýarlamagy we olaryň hukuk taýdan barlagyny, şeýle hem intellektual eýeçilik hukuklarynyň goragyny öz içine alýar.Ygtybarlylyk, takyklyk we ýokary hünärçilik ýörelgelerine daýanyp işleýän «THT» — müşderileriniň bähbitlerini goramakda we hukuk binýadyny berkitmekde netijeli hyzmatdaş bolup çykyş edýär.
“Garagum Tranzit” hojalyk jemgyýeti ýol gurluşygynda we asfalt önümleriniň öndürilişinde sebit boýunça öňdebaryjy kompaniýalaryň biri hökmünde giňden tanalýar. Şeýle hem, gurluşyk pudagyndaky döwlet we hususy sargytçylar, şeýle hem iri infrastruktura taslamalary üçin ygtybarly hyzmatdaş hökmünde giňden ykrar edilendir.Ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen ýol gurluşygyny hem-de abatlaýyş işlerini üpjün etmek bilen birlikde, “Garagum Tranzit” HJ-i ýol gurluşyk pudagynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Kompaniýa häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýokary takyklykly enjamlary ulanmak arkaly önümleriniň durnukly hilini we ygtybarlylygyny üpjün edýär. Her önümçilik tapgyry halkara ülňülerine laýyklykda berk hil gözegçiliginden geçirilýär.
«Melhemli Turkmen» — ýurdumyzda giň möçberli gurluşyk taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýän, çalt depginli ösýän gurluşyk kärhanalarynyň biridir. 2018-nji ýylda esaslandyrylan bu kärhana binalary we desgalary, aýratyn-da ýaşaýyş jaýlaryny gurmakda ýöriteleşen. Kärhana häzirki zaman gurluşyk tehnologiýalaryny we ýokary hilli gurluşyk serişdelerini ulanmak arkaly öz desgalarynyň ygtybarlylygyny we uzak möhletliligini üpjün edýär. Şeýle hem «Melhemli Turkmen» söwda we önümçilik ugurlarynda hem giň gerimli hyzmatlary hödürläp, köpugurly iş tejribesi bilen tapawutlanýar.