Kärhananyň iş alyp barýan ýyllary dowamynda “Ojar Aziýa” hususy kärhanasy paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde köp sanly iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirdi.
Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän bu taslama, häzirki zaman tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, oba hojalyk önümlerini ýokary hilli we netijeli ýagdaýda gaýtadan işläp biljek doly mümkinçilikli önümçilik toplumyny döretmäge gönükdirilendir. Taslamanyň çäklerinde guruljak döwrebap toplum däne serişdelerini kabul etmek, arassalamak, guratmak, gaýtadan işlemek we saklamak ýaly ähli ugurlary öz içine alýan degirmenden hem-de degişli kuwwatly elewatordan ybarat bolar.
Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda «Ýaş Syýahat» hojalyk jemgyýeti tarapyndan durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän myhmanhana toplumynyň gurluşyk taslamasy — Türkmenistanyň geografik taýdan möhüm ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşmegi, şeýle hem içerki we halkara derejedäki üstaşyr ulag gatnawlarynyň ösmegi bilen ýokary hilli hyzmat infrastrukturasyna bolan islegiň artmagy ýaly möhüm faktorlara esaslanýan, geljegi uly maýa goýum mümkinçilikleriniň biridir. Bu taslama diňe bir döwrebap syýahatçylyk hyzmatlaryny döretmek bilen çäklenmän, eýsem sebitleýin hem-de halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli başlangyç hökmünde hem çykyş edýär. Şol bir wagtda, bu taslama Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän ulag geçelgelerini we söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy maksat edinýän «Bir guşak, bir ýol» atly halkara inisiatiwanyň strategik ugurlary bilen hem doly sazlaşyklydyr.Umu man aýdanyňda, myhmanhana toplumynyň gurluşygy ýurdumyzda döwrebap we ýokary hilli hyzmatlaryň ösdürilmegine, syýahatçylyk we işewürlik infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň halkara logistika ulgamyndaky ornunyň berkemegine mynasyp goşant bolar
“Ýyllyk öndürijiligi 3450 tonna sygyr süýdi, 360 tonna geçi süýdi we 110 tonna et bolan köpugurly maldarçylyk toplumynyň gurluşygy” taslamasy, Mary welaýatynyň Mary etrabynda döwrebap we ýokary tehnologiýaly oba hojalyk kärhanasyny döretmek ugrunda möhüm başlangyçdyr.